| Ashgabat | 28°C
Syýasat 20.07.2026, 10:57 48

ABŞ-nyň ilçisi ýurdumyzda diplomatik wezipesini tamamlaýar

ABŞ-nyň ilçisi ýurdumyzda diplomatik wezipesini tamamlaýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 18-nji iýulda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki işleriň jemlerini jemlediler hem-de türkmen-amerikan dialogynyň durnukly oňyn depginde ösýändigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Raşid Meredow Elizabet Ruda Aşgabat bilen Waşingtonyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirip, oňa geljekki hünär ýolunda üstünlik arzuw etdi.

Öz gezeginde ABŞ-nyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna diplomatik gullugy döwründe beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!