| Ashgabat | 28°C
Syýasat 20.07.2026, 13:26 52

Hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi tabşyrdy

Hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Hususan-da, 2025-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde döwlet ätiýaçlandyryşy bilen bagly degişli Düzgünleriň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!