| Ashgabat | 28°C
Syýasat 30.07.2026, 11:05 21

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Boumediene Guennaddan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!