Germaniýaly lukmanlary ýurdumyzda saparda bolup, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maksimilian – Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitet klinikasynyň lukmanlary ýurdumyzda saparda bolup, paýtagtymyzdaky Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde dürli keselleriň öňüni almakda, häzirki zaman sanly lukmançylyk ulgamyny peýdalanmak we degişli ugurlarda dikeldiş bejergisini geçirmek boýunça türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýarlar.
Munuň özi “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.
Germaniýaly lukmanlar türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň çäklerinde uky bozulmalarynyň öňüni almak we onuň anyklaýyş çäreleri hem-de bejeriş usullary boýunça okuw sapaklaryny geçdiler.
Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek, olaryň bilimlerini artdyrmak boýunça kesgitlän wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!