Mary şäherindäki Eýranyň täze baş konsuly bellenildi
Eýranyň Mary şäherdäki täze baş konsuly bolup Seýed Mostafa Hosseýnipur bellenildi.
Gulluk işine ugramazdan ozal diplomat Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Abbas Arakçi bilen duşuşdy. Duşuşykda konsullygyň ileri tutulýan iş ugurlary barada gürrüň edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Arakçi eýran-türkmen gatnaşyklarynyň wajypdygyny nygtady we iki ýurduň arasynda ykdysady, üstaşyr geçelgeler, medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmenistan bilen Eýranyň umumy serhedi bolup, ýurtlar köp ýyllaryň dowamynda energetika, ulag we söwda ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürýärler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!