Dişlerimiz täzeden ösüp biler!
Ýapon alymlary bu ugurda barlag işlerini dowam edýärler.
Süňkler döwülende öz-özünden täzeden ösüp bilýär, emma dişlerde beýle aýratynlyk ýok. Şol sebäpli dünýäde millionlarça adam dişsizlikden ejir çekýär.
Indi ýapon alymlary dişi täzeden ösdürýän täze dermany adamlarda synagdan geçirip başladylar.
Häzirki synag 30-64 ýaş aralygyndaky, azyndan bir dişi ýetmeýän 30 erkek adama geçirilýär.
Alymlaryň esasy maksady — 2030-njy ýyla çenli dişi täzeden ösdürýän dermany köpçülige elýeterli etmekdir.
Bu barada “Popular Mechanics” Web saýty habar berýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!