Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk boýunça başlangyçlary öňe sürer
Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan geljek sessiýa taýýarlyk görmek üçin degişli işler amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr.
Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň bähbidine halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmegiň wajyp tapgyry hökmünde garaýandygy bellenildi.
Bu ugurda ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäginde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda “Parahatçylyk we ynanyşmak”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgeleri bilen bagly, şeýle hem “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamalary görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!