Paýtagtymyzdaky halkara guramasy merkezi sürüji wezipesine dalaşgärleri işe çagyrýar
Aşgabatdaky Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy merkezi sürüji wezipesine dalaşgärleri işe çagyrýar. Dalaşgäriň esasy wezipe borçlaryna işgärleri howpsuz we öz wagtynda gatnatmak, resmi wekilleri howa menzilinde garşy almak, gümrük resminamalaryny resmileşdirmekde ýardam bermek, şeýle-de berkidilen ulaglaryň gündelik tehniki gözegçiligini geçirmek girýär. Dalaşgär iş saparlarynyň, ýangyç sarp edilişiniň we ulaglaryň tehniki hyzmatynyň hasabyny ýöretmeli, awtoulag parkynyň maglumatlar binýadyny täzeläp durmaly hem-de her aýlyk hasabatlary taýýarlamalydyr.Dalaşgärlerden doly orta bilimli, azyndan dört ýyl sürüjilik iş tejribesi bolmak, Aşgabat şäherini we onuň töweregini gowy bilmek, şeýle-de «B» derejeli hereket edýän sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagy talap edilýär. Kompýuterden başarnykly peýdalanmak we iňlis dilini bilmek makullanýar. Aýlyk zähmet haky durmuş ätiýaçlandyryş tölegleri bilen birlikde aýda 773 ýewro möçberinde kesgitlenendir. Resminamalar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmi iş orunlary portaly vacancies.osce.org. arkaly kabul edilýär. Gurama boş iş orny boýunça bäsleşige diňe Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň raýatlarynyň gatnaşyp biljekdigini habar berýär.
Как свами связаться?
Зайдите к ним на сайт
Здравствуйте! Как с Вами связаться?
Зайдите к ним на сайт