Türkmenistanyň we Täze Zelandiýanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler boldy
28-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň departament başlyklarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Umumy parahatçylygy we durnuklylygy ilerletmek meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň meňzeşligi bellenildi.
Taraplar abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny nygtadylar.
Diplomatlar ulag durnuklylygy we energetika, şeýle-de ekologik howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine jikme-jik seretdiler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde orny” atly kararnamamnyň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin Täze Zelandiýa minnetdarlyk bildirildi.
Şeýle-de taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulagyň onýyllygynyň (2026-2035-nji ýyllar) çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini bellediler we ýola goýup boljak bilelikdäki taslamalara seretdiler.
Geňeşmeleriň gün tertibinde medeni-ynsanperwer ugurlaryna hem orun berildi. Taraplar iki döwletiň uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmegiň we degişli institutlaryň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyklary guramagyň mümkinçiliklerine seretdiler.
Şeýle-de onlaýn-festiwalary, wirtual sergileri, Medeniýet günlerini geçirmek arkaly medeni gatnaşyklary ösdürmek, muzeýleriň we kitaphanalaryň arasyndaky, şeýle-de ÝUNESKO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar syýasy gepleşigi, köptaraplaýyn diplomatiýany, söwda we medeni gatnaşyklary ilerletmegiň üstünde bilelikde işleşmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!