| Ashgabat | 28°C
Sport 12.07.2026, 18:07 47

Makgregor ýene ýeňildi

Makgregor ýene ýeňildi

Ozal habar berşimiz ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Las-Wegas şäherinde garyşyk söweş sungaty boýunça UFC 329 ýaryşy geçirildi.

Tutluşykda Konor Makgregor Maks Holloueý bilen gaýtadan duşuşdy. Geçirilen tutluşykda Konor Makgregor amerikaly Maks Holloueýden ýeňildi. Ýarym orta agram derejesindäki tutluşyk birinji döwde amerikalynyň tehniki nokaut bilen gazanan ýeňşi bilen tamamlandy.

Makgregor we Holloueý öz aralarynda ikinji tutluşygyny geçirdiler. 2013-nji ýylda bolan tutluşykda eminleriň biragyzdan beren karary bilen islandiýaly sportçy ýeňiş gazanypdy.

37 ýaşly Makgregor 2013-nji ýyldan bäri bolsa UFC-de çykyş edýär. Ol ýarym ýeňil hem-de ýeňil agram derejelerinde çempion boldy. 34 ýaşly Maks Holloueý UFC-de 2012-nji ýylda çykyş edip başlady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!