ABŞ-nyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasyna Kristin Hokins wagtlaýyn ýolbaşçylyk eder
ABŞ-nyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde Kristin Hokins bellenenildi.
Ol Aşgabatda ABŞ-nyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hökmünde öz işine girişer.
Bu çözgüt ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rudyň diplomatik işiniň tamamlanmagy bilen bagly kabul edildi.
ABŞ-nyň daşary syýasat edarasynyň bellemegine görä, ol Türkmenistanda işlän döwründe berk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe ugruny pugtalandyrmaga goşant goşdy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!