| Ashgabat | 28°C
Sport 14.07.2026, 11:37 30

Konor Makgregor bir minutlyk söweşde 15 million dollar gazandy

Konor Makgregor bir minutlyk söweşde 15 million dollar gazandy

Irlandiýaly Konor Makgregor Las-Wegasda geçirilen "UFC 329" ýaryşynda amerikaly Maks Holloweýe garşy geçiren söweşi üçin azyndan 15 million dollar gazandy.

Söweş bir minutdan gowrak dowam etdi. Makgregor üçin bu 2021-nji ýyldan bäri oktagona ilkinji gezek çykyşy boldy.

Ol tutluşygyň ilkinji sekuntlarynda aýagyndan şikes aldy. Bir salymdan soň emin söweşi saklap, Maks Holloweýiň peýdasyna tehniki nokaut hasaba aldy.

Konor Makgregor UFC-niň öňki çempionydyr. MMA-da onuň hasabynda 22 ýeňiş we 7 ýeňliş bar. Ol soňky bäş söweşiniň dördüsinde ýeňlişe sezewar boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!