Konor Makgregor Maks Holloueý bilen duşuşar
12-nji iýulda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Las-Wegas şäherinde garyşyk söweş sungaty boýunça UFC 329 ýaryşy geçiriler. Tutluşykda Konor Makgregor Maks Holloueý bilen gaýtadan duşuşar. 37 ýaşly Makgregor 2013-nji ýyldan bäri bolsa UFC-de çykyş edýär. Ol ýarym ýeňil hem-de ýeňil agram derejelerinde çempion boldy. 34 ýaşly Maks Holloueý UFC-de 2012-nji ýylda çykyş edip başlady. Häzire çenli ol UFC-de 23 ýeňiş gazanyp, 9 gezek ýeňildi. Makgregor bilen Holloueýiň ilkinji tutluşygy 2013-nji ýylyň awgust aýynda “UFC Fight Night 26” ýaryşynda geçirilipdi. Üç döwden jemleri boýunça eminleriň biragyzdan çykaran karary esasynda irlandiýaly Konor Makgregor ýeňiş gazandy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!