Marmeladlar çagalara nähili howp salýar?
Lukman gurçuk görnüşindäki marmeladlaryň çagalar üçin howpludygynyň sebäbini düşündirdi. Bu görnüşdäki marmelad çagalarda howply endigi kemala getirýär. Ýagny iýmäge bolmaýan zatlary iýmegi öwredýär. Bu barada Psihologiýa ylymlarynyň doktory, professor Wera Nikişina belleýär.
Professoryň aýtmagyna görä, daşky görnüş çagany özüne çekýän we oňa tagam hökmünde hödürlenýän süýjüligiň mazmunyny kesgitleýär. Çagalarda hemişe durnukly işleýän iki sany motiwasiýa ulgamy, ýagny iki mehanizm bar: synag edip görmek we öýkünmek. Bu olaryň tebigatynda bar.
Bu ýerde howpy diňe bir gurçuk görnüşindäki marmeladyň hödürlenmegi döretmeýär. Howp — çaganyň agzyna salmaly däl zatlaryny salmaga öwrenişip biljekdigindedir.
Bu barada “Gazeta.ru” internet saýty habar berdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!