Ispaniýa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda ýeňiş gazanandan soň, çempionlyk dabarasyny geçirdi
Ispaniýanyň paýtagty Madridde milli ýygyndynyň futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda gazanan ýeňşine bagyşlanan dabaraly ýöriş geçirildi.
Öz gahrymanlaryny garşylamak üçin paýtagtyň köçelerine 2 milliona golaý adam çykdy. Topar awtobusda dabaraly ýörişiň soňky nokadyna tarap hereket etdi.
Baýramçylygyň esasy böleginiň geçirilen Sibeles meýdançasynda 120 müňe golaý janköýer ýygnandy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!