Tahýa taýýarlamagyň sungaty ÝUNESKO hödürlendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.Mejlisde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri we şu ýyl üçin meýilnamada bellenen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi.
Şu ýylyň başyndan bäri türkmen tarapynyň teklipleri esasynda milli mirasymyzyň üç gymmatlygyny ÝUNESKO-nyň sebit we halkara sanawlaryna girizmek üçin möhüm resminamalar taýýarlanyldy hem-de hödürlenildi.
Şunda gürrüň, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenen Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly halk lukmançylygyndaky däpleri hem-de tahýa taýýarlamagyň sungaty we ony geýmegiň däpleri, şeýle-de «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitleýin sanawyna girizilmegi teklip edilen, VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alym, akyldar sopy Ybraýym Edhemiň durmuşy we filosofiýasy barada ýurdumyzyň golýazmalar gaznasynda saklanylýan ýazuw gymmatlyklary barada barýar.
Mundan başga-da, ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmäge we gorap saklamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 40-dan gowrak medeni-köpçülikleýin çäre guraldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!