| Ashgabat | 28°C
Syýasat 27.07.2026, 17:33 30

Aşgabat şäheriniň häkimi dogan şäherleriň birinji halkara forumyna gatnaşdy

Aşgabat şäheriniň häkimi dogan şäherleriň birinji halkara forumyna gatnaşdy
https://mfa.gov.tm/

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde dogan şäherleriň birinji halkara forumy geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow gatnaşdy. Bu foruma 30-a golaý döwletden gelen wekiller gatnaşdy.

Forumyň dowamynda şäherara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şäher dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de şäherleriň durnukly ösüşi boýunça öňdebaryjy tejribäni alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumda Aşgabat şäheriniň häkimi çykyş edip, şäherleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmekde, sanlylaşdyrmak, ulag we inženerçilik düzümlerini ösdürmek, şeýle hem amatly şäher gurşawyny döretmek babatda öňdebaryjy tejribäni alyşmakdaky ähmiýetini belledi.

Forumyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 145 ýyllygyna bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirilip, onuň dowamynda gatnaşyjylara türkmen paýtagtynyň häzirki zaman şähergurluşygy, binagärçiligi, abadanlaşdyryş işleri we durnukly ösüş babatdaky gazananlary tanyşdyryldy.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda habar berilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!