| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 23.07.2026, 12:10 31

Matanyň ýüzüne surat çekmek kurslaryna gatnaşmak isleýäňizmi?

Matanyň ýüzüne surat çekmek kurslaryna gatnaşmak  isleýäňizmi?

Eýranyň Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi matanyň ýüzüne surat çekmek kurslaryna kabul edişligiň başlanýandygyny habar berýär.

30 akademiki sagatdan ybarat bolan okuwlara gatnaşyjylara okuwyň iki sany görnüşi hödürlenýär. Ýagny dowamlylygy 2,5 sagat bolan 12 sapak ýa-da 3 sagat bolan 10 sapak.

Sapaklar anna günleri geçiriler — saýlanyp alnan topara baglylykda, okuwlar irden sagat 10:00-da ýa-da öýlän sagat 17:00-da bolar.

Kurslaryň 24-nji iýulda başlanmagy meýilleşdirilýär. Okuwlaryň takyk tertibi gatnaşyjylary hasaba alyş işleri tamamlananyndan soň kesgitleniler.

Goşmaça maglumatlar we kurslara ýazylmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz!

93-42-11

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!