“Mukam” skripkaçylar topary “Nusgawy orkestr” baýragyna mynasyp boldy
Şu ýylyň 18 – 24-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat hepdeliginde “Mukam” skripkaçylar topary üstünlikli çykyş edip ýörite baýraga, diploma we hepdeligiň kubogyna mynasyp boldy.
Hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň skripkaçylar toparynyň çykyşlaryna ýokary baha berildi.
Pekin şäherindäki Döwlet teatrynda geçirilen dabarada Ýaşlar orkestrleriniň halkara sungat festiwalynyň ýeňijileri yglan edildi. Şunda “Mukam” skripkaçylar topary “Nusgawy orkestr” baýragyna mynasyp boldy.
Şeýle hem ýurdumyzyň skripkaçylaryna hepdeligiň ýörite diplomynyň we kubogynyň gowşurylmagy türkmen ýaşlarynyň zehinine berlen ýokary baha hökmünde kabul edildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!