BMG-niň Baş Assambleýasy «Halkara hukugynyň ýyly, 2028» atly Kararnamany kabul etdi
2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi. Bu bolsa başlangyjyň giň halkara goldawyna eýedigini görkezýär.
Agzalan Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara hukugynyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy pugtalandyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde konstruktiw köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!