| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 10.07.2026, 18:55 56

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan etdi

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan  etdi

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy awtokranlaryň howpsuzlyk we gorag ulgamlaryny abatlamak we olara tehniki hyzmat bermek boýunça türkmen manadynda №2026/32 belgili bäsleşigiň möhletini uzaldýandygyny habar berýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly.

Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen elektron salga iberiler. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit- Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda 18.00 çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF we Excel faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgyna iberilmelidir.Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Ýazmaça arzalary KhalilulinBS@tatneft.tatar elektron salgysy arkaly iberip bilersiňiz! Goşmaça maglumat üçin şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

+993-65-83-18-99
+993-62-60-07-11

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!