Diomande «Realyň» taryhyndaky iň gymmat transfer bolar
Madridiň «Real» topary tomsuň iň gymmat transferleriniň birini tamamlaýar.
Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, patyşalyk kluby we «RB Leýpsig» 19 ýaşly iwuarly winger Ýan Diomandeniň geçmegi barada gutarnykly ylalaşyga geldi.
«Real» onuň üçin bonus bilen birlikde 135 million ýewro tölemäge taýýar. Eger maglumat tassyklansa, transfer «Realyň» taryhynda rekord derejeli bolar.
Ýakyn wagtda futbolçy Madride ugrar we klub bilen 2031-nji ýylyň iýunyna çenli hereket etjek şertnama gol çeker.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!