| Ashgabat | 28°C
Syýasat 14.07.2026, 17:05 52

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçirilýän syýasy foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçirilýän syýasy foruma gatnaşýar

7-nji iýulda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we durmuş Geňeşiniň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forum öz işine başlady. Forumyň işi 15-nji iýula çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri girýär. Wekiliýet 13–15-nji iýuly aralygynda bu abraýly halkara forumyň işine gatnaşýar.

Durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forum 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişine baha bermek boýunça BMG-niň esasy ählumumy meýdançasydyr.

2015-nji ýyldan bäri forum her ýyl hökümetleriň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň hem-de raýat jemgyýetiniň wekillerini Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak maksady bilen bir ýere jemleýär.

Şu ýylyň forumynyň esasy mowzugy: «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş gün tertibini we onuň Durnukly ösüş maksatlaryny hemmeler üçin durnukly geljegi üpjün etmek maksady bilen özgertmeleri amala aşyrýan, adalatly, innowasion we utgaşdyrylan hereketler» diýlip kesgitlenildi.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!