Aşgabat – Garabekewül ugry boýunça awtobus gatnawy açyldy
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Aşgabat – Garabekewül – Aşgabat» ugry boýunça yzygiderli şäherara awtobus gatnawlary resmi taýdan amala aşyrylyp başlady. Täze ugur boýunça awtobuslar her güni Aşgabat şäheriniň Awtokombinat belleniş nokadyndan sagat 07:00-da ýola düşýär. Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabyndan bolsa 09:00-da yzyna — paýtagtymyza tarap ugraýar. Goşmaça maglumat üçin ekranda görýän telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! 44-35-30 44-35-20 +993 61 49-34-95
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!