| Ashgabat | 21°C
Tenderlar CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan etdi
Edaralar uçin enjamlar Açyk

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan etdi

Описание

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasy üçin dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça № CIT-26055-MR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler: Bäsleşige gatnaşmak üçin arza; Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat; Soňky üç ýylyň içinde bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň göçürmesi. Arzalar bildirişiň oilgas.gov.tm saýtynda çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär. Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir. Habarlaşmak üçin: Telefon: +993-12-44-52-00 (5701) Faks: +993-12-44-50-44
Tenderlere gaýdyp barmak