Описание
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy dizel elektrik beketlerini düýpli abatlamak boýunça türkmen manadynda № 2026/49 belgili bäsleşik yglan etdi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitleri baradaky maglumatlary görkezmek bilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly. Ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär. Tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF we Excel faýllary görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgysyna iberilmelidir. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy: KhalilulinBS@tatneft.tatar
Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993-65-83-18-99, +993-62-60-07-11