| Ashgabat | 21°C
Tenderlar “Türkmennebit” DK buraw we umumy zawod enjamlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan etdi
Önümçilik enjamlary Açyk

“Türkmennebit” DK buraw we umumy zawod enjamlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan etdi

Описание

“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparynyň adyndan maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №184/1 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan etdi. Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler. Lot №2 — Umumy zawod, tehnologiki we buraw enjamlary Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK-nyň binasyna ýüz tutup, aşakdaky talaplary ýerine ýetirmeli: - Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; - “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri” we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; - Lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; - Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her lot üçin 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12:00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy Word görnüşinde we tehniki-ykdysady häsiýetnama Excel görnüşinde bolmaly. Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm we www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +993 12 40-39-93 +993 12 40-39-90 +993 12 40-31-67 +993 12 40-31-1 +993 12 40-36-04 Faks: +993 12 40-39-24 Elektron salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm
Tenderlere gaýdyp barmak