| Ashgabat | 21°C
Tenderlar
Gurluşyk Açyk
Türkmenistanda 50 sany saglyk öýi gurlar
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň hersinde 10 sany, jemi 50 sany saglyk öýüni gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde 19-njy awgusta çenli kabul ediler hem-de resmileşdiriler. Habarlaşmak üçin şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
44-46-77 / 44-46-64
Gurluşyk Açyk
Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurulmagy meýilleşdirilýän ilçihanasynyň binasy boýunça halkara bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň edara binasyny gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde 19-njy awgusta çenli kabul ediler we resmileşdiriler. Habarlaşmak üçin şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
44-46-77 / 44-46-64
Gurluşyk Açyk
Garabogazda täze hassahana gurlar
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Garabogaz şäherinde 30 orunlyk hassahananyň döwrebap binasyny gurmak üçin bäsleşik yglan edtdi. Bu barada gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde 19-njy awgusta çenli kabul ediler we resmileşdiriler. Habarlaşmak üçin şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
44-46-77 / 44-46-64
Gurluşyk Açyk
Arçabil şaýoly bölekleýin abatlanar
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň suwaryş ulgamlary üçin suw geçirijileri we desgalary gurmak, şeýle hem Arçabil şaýoluny bölekleýin abatlamak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan etdi. Taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul ediler we resmileşdiriler. Teklipler 14-nji awgusta çenli kabul edilýär. Goşmaça maglumat üçin ekranda görýän telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
44-46-77 / 44-46-64
Yza 1 … 3 4 5

Görkezilen 52 dan 49–52