Описание
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň edara binasyny gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde 19-njy awgusta çenli kabul ediler we resmileşdiriler. Habarlaşmak üçin şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!