Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda umumy uzynlygy 546 kilometre barabar bolan täze Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek, şeýle hem Garabogazdan Gazagystan bilen döwlet serhedine çenli uzalyp gidýän we Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup durýan 43,6 kilometrlik awtomobil ýoluny ulanmaga bermek dabaralary geçirildi.
Bu barada Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary Döwran Ataýew Aşgabatda geçirilen CIET 2026 maslahatynda eden çykyşynda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, täze desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurduň ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyň we üstaşyr ulag-logistika mümkinçiliklerini berkitmegiň nobatdaky tapgyry boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!