Kinoteatr gipnoz arkaly tomaşaçylaryň ýadyny öçürmegi meýilleşdirýär
Niderlandlaryň «Pathé» kinoteatrlar ulgamy film başlamazdan öň gipnozyň kömegi bilen tomaşaçylaryň ýadyny öçürmäge synanyşar. Kinoseans synag görnüşinde geçirilip, onuň maksady gelen adamlara eýýäm tanyş filmlerini hut ilkinji gezek görýän ýaly tomaşa etmäge mümkinçilik bermekden ybarat.
«Pathé Rewind» seansy 9-njy noýabrda ulgamyň Gaagadaky kinoteatrynda geçiriler. Arzalary kabul etmek eýýäm başlandy. Sowalnamada kinoteatrda görkeziljek dört filmden birini saýlamak gerek. Olar «Matrisa», «Ýedi», «La-La Lend» we «Interstellar» filmleridir. Guramaçylar 18 ýaşdan uly bolan bary-ýogy 30 tomaşaçyny saýlap alarlar.
Tomaşaçylar iki gezek gipnoza sezewar ediler: ilki onlaýn görnüşde, soňra bolsa filme tomaşa etmezden öň gönüden-göni kinoteatrda. Bu synanyşygyň başa barjakdygyny ýa-da ýokdugyny entek guramaçylaryň özleri hem bilenoklar. Synagyň netijesinde «Pathé» kompaniýasy eýýäm tanyş bolan filmi ilkinji gezek görýän ýaly duýgyny gaýtadan başdan geçirip bolarmy diýen soraga jogap tapmak isleýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!