| Ashgabat | 20°C
Jemgyýet 03.11.2026, 16:24 5

Kaliningradda ýantardan dünýäniň iň uzyn gulakhalkasy döredildi

Kaliningradda ýantardan dünýäniň iň uzyn gulakhalkasy döredildi

Kaliningrad ýantar kombinatynyň ussat zergärleri täze seýrek rekord goýdular. Olar Baltika ýantaryndan dünýäde iň uzyn diýlip hasaplanýan ajaýyp gulakhalka taýýarladylar. TASS gullugynyň kärhananyň metbugat gullugyna salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, bu özboluşly şaý-sep golaýda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Döredijilik ykdysadyýetiniň günleri» atly forumyň çäklerinde köpçülige ilkinji gezek tanyşdyryldy.

Täsin bezeg toplumy iki sany deň bolmadyk gulakhalkadan ybarat. Ozal ýantar daşyndan 30 santimetrden uzyn gulakhalka ýasamak hiç kime başartmandy. Täze döredilen önüm bolsa bu görkezijini iki essä golaý artdyrdy. Ol gulaga aňsat we amatly dakylar ýaly kaf görnüşinde, ýagny gulak ýelkenine agramy deň paýlaýan gurluşda taýýarlanyldy. Toplumyň ikinji bölegi bolsa adaty gulp bilen berkidilýän, birneme gysgarak görnüşde ýasaldy.

Zergärçilik sungatynyň bu seýrek eseri altyn çaýylan kümüş çarçuwadaky ýantar böleklerinden düzülip, berk hem-de çeýe titan sapaklaryna berkidildi. Kärhananyň baş direktorynyň orunbasary Maýa Skworsowanyň bellemegine görä, ýantaryň tebigy ýeňilligi we gurluş aýratynlyklary sebäpli 63 santimetr uzynlykdaky gulakhalkanyň umumy agramy bary-ýogy 54 grama deň boldy. Mysal üçin, şeýle bezeg granat daşyndan ýasalan bolsa, ol dört esse agyr bolardy.

Ajaýyp şaý-sep toplumy ýakyn bir aýyň dowamynda Sankt-Peterburg şäheriniň Newskiý şaýolunda ýerleşýän Kaliningrad ýantar kombinatynyň täze dükan-salonynda sergilener. Şol ýere barýanlar önümi diňe bir synlap däl, eýsem dakyp görüp we surat düşürip hem bilerler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!