| Ashgabat | 15°C
Gyzykly maglumat 27.10.2026, 14:04 8

Hindi zenanlarynyň gadymy lybasy sari barada

Hindi zenanlarynyň gadymy lybasy sari barada

Her bir millet özboluşly milli lybaslary bilen tanalýar. Hindi halky üçin hem milli geýim bolan sari asyrlaryň dowamynda medeni mirasynyň, baýlygynyň we buýsanjynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Sariniň döreýşi gadymy siwilizasiýalar döwründen gaýdýar. Ilki bilen bu matany Nil derýasynyň töwereginde ruhanylar geýmek üçin ulanypdyrlar. «Sari» ýa-da «sati» sözi terjime edilende «uzyn mata» diýen manyny berýär.

Taryhy çeşmelerde bu geýimi diňe bir zenanlaryň däl, eýsem erkekleriň hem ulanandygy barada maglumatlar bar. Käbir alymlar onuň ilkinji adamlaryň geýimleriniň biri bolandygyny hem çaklaýarlar.

Şeýle hem halk arasynda sariniň döreýşi barada gyzykly bir rowaýat bar. Rowaýata görä, ýaş dokmaçy ýigit duýdansyz söýgi oduna ýanypdyr. Ol stanokda işläp oturyp, söýgüli gyzy hakynda hyýal sürer eken. Şol çuňňur duýgular we pikirler bilen ol adatdan daşary uzyn matany dokapdyr we ony söýgülisine sowgat beripdir. Gyz bu owadan matany özüne ýapypdyr we ilkinji sari şeýle döräpdir.

Hünärmenler tarapyndan ýokary baha berilýän we häzirki wagtda hem moda dünýäsinde uly meşhurlyga eýe bolan sari zenanlara aýratyn görk berýär. Bu matalar özüniň baý reňkleri bilen tapawutlanýar.

Hindistanda her bir reňkiň özboluşly manysy bolup, onuň arkaly zenanyň jemgyýetdäki orny, maşgala ýagdaýy we emlägi barada düşünje alyp bolýar.

Sari geýinmek ýönekeý iş däl, eýsem çagalykdan öwrenilýän nepis sungatdyr. Hindistanda bu lybasy geýmegiň on bäş töweregi usuly bar.

Gyzykly tarapy, hakyky sari geýlende hiç hili gysgyçlar ýa-da saç gysgyçlary ulanylmaýar. Ilki bilen «çoli» diýlip atlandyrylýan gysga hem-de berk geýim geýilýär, yzysüre kanwadan ýörite dokalan ýubka, iň soňunda bolsa sari matasy özboluşly usulda bedene oralýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!