Peýniri sowadyjyda dogry saklamaklygyň syrlary
Peýnir — örän duýgur we «näzik» önümdir. Ol aşa yssyny-da, aşa sowugy-da halamaýar, şeýle hem guraklykdan we aşa çyglylykdan tiz zaýalanýar.
Önümiň hakyky tagamyny we peýdasyny saklamak üçin sowadyjyda belli bir düzgünleri berjaý etmek zerurdyr.
Peýniri sowadyjynyň gök önümler üçin niýetlenen çekmesinde saklamak iň gowusydyr. Sowadyjynyň gapysyna goýmak maslahat berilmeýär, sebäbi gapy açylýan mahaly temperatura yzygiderli üýtgeýär.
Asyl gaplamasy açylandan soň, peýniri pergament kagyzyna ýa-da folga dolamak maslahat berilýär. Polietilen ýa-da ýapyşýan plýonkadan gaça durmak has gowudyr. Soňra ony biraz howa alyp bilýän ýapyk gaba ýerleşdiriň.
Peýniriň tutuş bölegi has uzak saklanýar. Şol sebäpli ony öňünden dilimlemän, diňe saçaga hödürlejek wagtyňyz kesiň.
Peýnir daş-töweregindäki yslary tiz özüne siňdirýär. Şonuň üçin ony sogan, sarymsak we tüsselenen önümlerden uzakda saklamak maslahat berilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!