Tigirli syýahat bilen taryha giren ynsanlar
Tigir bilen dünýäni aýlanmak uly edermenligi we çydamlylygy talap edýän kyn syýahatdyr. Muňa garamazdan, iki tigirli ulagda uzak ýola çykmagy ýüregine düwen batyrgaý adamlar az däl.
Taryha ser salsaň, olaryň arasynda gahrymançylykly syýahaty bilen dünýäni haýran galdyran meşhur şahsyýetler bar. Şolaryň biri-de ozalky harby uçarman Onisim Pankratowdyr. Ol 1911-nji ýylda welosipedli uzak ýola çykyp, 1913-nji ýylda öz syýahatyny üstünlikli tamamlady we adyny taryha ýazdyrmagy başardy.
Sportuň welosiped motokross görnüşinde hem ajaýyp görkezijiler bar. 2011-nji ýylyň 28-nji maýynda 24 ýaşly Jed Mildon ilkinji gezek täsin rekord goýdy. Ol päsgelçilikli ýoldan welosipedi bilen ýokary böküp, howada arkanlygyna üç gezek öwrüm — salto etdi we ýere aman-esen düşmegi başardy.
Häzirki döwürde dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde talyplar we mugallymlar welosipedden giňden peýdalanýarlar. Bu diňe bir arassa howada şähdaçyk gezmek üçin däl, eýsem saglygy berkitmek we sapaklara ruhubelent başlamak üçin hem örän bähbitlidir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!