Türki Döwletleriň Guramasyna täze Baş sekretar bellendi
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitinde guramanyň täze Baş sekretaryny saýlamak babatdaky guramaçylyk meselesine hem seredildi. Netijede, Özbegistanyň wekili Türki Döwletleriň Guramasynyň täze Baş sekretary boldy.
Sekretariaty Türkiýede ýerleşýän guramanyň Baş sekretary wezipesine Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mirwohid Azimow bellenildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!