Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolýar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurtda Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar. Seýilgähde türki halklaryň taryhyna degişli dürli binalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir.
Soňra belent mertebeli myhmanlar bu ýerde bag nahallaryny ekdiler. Dabaranyň barşynda döwlet Baştutanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!