COP17-niň ýokary derejeli segmentine gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen BMG-niň Biologik köpdürlilik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň COP17 maslahatynyň ýokary derejeli segmentine gatnaşdy.
Türkmenistanyň foruma gatnaşmagy milli başlangyçlary öňe sürmekde möhüm ädim bolup durýar. Şeýle hem foruma gatnaşmak tejribe alyşmaga, özara gatnaşyklary giňeltmäge hem-de häzirki we geljekki nesilleriň hatyrasyna Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa durnuklylygynyň maksatlaryna ýetmegine ýardam edýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!