Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda iki taraplaýyn, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryna seredildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de taraplar halkara guramalarynyň, esasan hem BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!