| Ashgabat | 15°C
Gyzykly maglumat 27.10.2026, 13:54 9

Yzygiderli gara çaý içmek ömri uzaltýarmy?!

Yzygiderli gara çaý içmek ömri uzaltýarmy?!

Gara çaý içmek saglygy goldamaga ýardam berip biler. Bu barada ABŞ-nyň alymlarynyň geçiren ylmy barlaglarynda gyzykly netijeler alyndy.

Günde azyndan iki käse ýa-da ondan hem köp gara çaý içýän adamlarda ölüm howpunyň çaý içmeýänler bilen deňeşdirilende 9–13 göterim aralygynda pes bolandygy mälim edildi.

Barlag işinde «Biobank» ulgamynyň 40–69 ýaş aralygyndaky 500 müňe golaý adamyň gatnaşmagyndaky maglumatlar derňeldi. Olaryň agramly böleginiň, ýagny 85 göteriminiň yzygiderli çaý içýändigi, şol sanda 89 göteriminiň hut gara çaýy saýlap alýandygy anyklandy.

Saglyk hünärmenleriniň bellemegine görä, yzygiderli we kadaly ýagdaýda gara çaý içmek endigi diňe bir lezzet bermän, eýsem bedeniň umumy ýagdaýyna hem oňyn täsir edip biler.

Barlagçylar daşky gurşaw şertlerini we genetiki aýratynlyklary hem hasaba alypdyrlar. Netijeler gara çaý içmek bilen saglygyň käbir görkezijileriniň arasynda oňyn baglanyşygyň bolup biljekdigini görkezýär.

Gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýan bu içgini kadaly mukdarda içmek sagdyn durmuş ýörelgesiniň bir bölegi bolup biler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!