| Ashgabat | 28°C
Gyzykly maglumat 16.10.2026, 14:33 1

Saglyk üçin iň peýdaly balyk haýsy?

Saglyk üçin iň peýdaly balyk haýsy?

Kiçi hem-de ýagly balyk görnüşleri adamyň saglygy üçin iň peýdaly hasaplanylýar. Bu barada iýmit hünärmeni Anton Polýakow «aif.ru» neşirine beren söhbetdeşliginde habar berdi.

Hünärmeniň bellemegine görä, bu hili balyklar organizm üçin zerur bolan Omega-3 we Omega-7 ýag kislotalaryna, şeýle hem ýokary hilli beloga diýseň baýdyr.

Şol bir wagtyň özünde, iri we deňizde ýaşaýan balyklaryň bedeninde zyýanly zäherli maddalaryň toplanmak ähtimallygy has ýokary bolýar.

Polýakow saglyga iň uly peýda getirýän kiçi balyklara mysal edip aşakdakylary görkezdi:

  • Seld (atlantika balygy)

  • Sardina

  • Skumbriýa

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!