Iýmitleniş tertibini çäklendirmek we berhiz tutmak saglyga nähili täsir edýär?
Berhiz saklamak, adatça, gündelik iýmit sanawyny belli bir derejede çäklendirmegi aňladýar. Hatda gowşak düzgünli berhizler hem organizm üçin zerur bolan witaminleriň we mikroelementleriň ýetmezçiligine getirip biler. Sebäbi olar köplenç käbir peýdaly miweleriň we beýleki iýmitleriň hem çäklendirilmegini talap edýär.
Berhizler köplenç gysga wagtyň içinde gowy netije berýär. Olar artykmaç agramdan dynmak, kyn operasiýalardan soň bedeni dikeltmek ýa-da gastrit we aşgazan ýarasy ýaly kesellerde ýörite iýmitleniş tertibini saklamak üçin peýdaly gural hökmünde ulanylýar.
Diňe belli bir hroniki keselleri, mysal üçin, süýji keseli bolan ýa-da aşgazan-içege agzalarynda uly operasiýa geçiren adamlara uzak möhletli ýörite iýmitleniş tertibi zerur bolup biler.
Bütinleý sagdyn adamlar üçin bolsa berhiziň möhleti gysga bolmaly. Ol 3 günden 1 aýa çenli dowam edip biler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!