Ýanan we aşa gyzardylan iýmitler nerw ulgamyna we saglyga nähili täsir edýär?
Aşhanada taýýarlanýan iýmitleriň aşa gyzardylmagy diňe bir olaryň tagamyny däl, eýsem saglyga bolan täsirini hem üýtgedip biler. Stokgolm uniwersitetiniň gözlegçileriniň bellemegine görä, çöregiň ýanan ýerlerini gyryp aýyrmak ýöne bir endik bolman, eýsem saglygy goramak üçin hem möhüm ädim bolup biler.
Çörek, ýer alma (kartoşka), kofe we galla önümleri 120 derejeden ýokary gyzgynlykda işlenip taýýarlananda, olaryň düzüminde akrilamid diýlip atlandyrylýan himiki madda emele gelip biler. Bu birleşme iýmitdäki tebigy şekerleriň asparagin aminokislotasy bilen özara täsirleşmegi netijesinde ýüze çykýar. Şol sebäpli iýmit goňralyp, onuň özboluşly ysy we tagamy emele gelýär.
Ylmy barlaglarda akrilamidiň nerw ulgamyna ýaramaz täsir edip biljekdigi öwrenilýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu madda nerw öýjükleriniň içki belok gurluşyna zeper ýetirip ýa-da öýjükleri çişmeden goraýan ulgamlaryň işine täsir edip biler.
Şol sebäpli naharlary aşa gyzartman taýýarlamak we ýanan bölekleri sarp etmezlik maslahat berilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!