Ananasyň peýdaly aýratynlyklary
Süýji hem-de şireli tropiki miwe bolan ananas adam bedenine köp taraplaýyn oňyn täsir edip biler. Günorta Amerikadan gözbaş alýan bu köp ýyllyk ösümlik baý düzümi we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar.
Miwäniň düzüminde köp mukdarda suw, tebigy şekerler, B toparynyň witaminleri (B1, B2, B6), beta-karotin, PP witamini, şeýle hem kalsiý, magniý, sink we ýod ýaly mikroelementler bar.
Ananasda askorbin we limon ýaly organiki kislotalar hem bolýar. Olar bedeniň gorag ulgamyny goldamaga we käbir çişme proseslerine garşy durmaga ýardam edip biler.
Miwäniň düzümindäki bromelain fermenti beloklaryň ownuk böleklere bölünmegine ýardam edip, iýmit siňdirişini ýeňilleşdirip biler. Ananasdaky tebigy süýümler bolsa içege mikroflorasynyň we peristaltikanyň kadaly işlemegine goldaw berýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!