Instagram uzyn wideolar we Apple TV üçin ýörite goşundy arkaly täze mümkinçilikleri hödürleýär
«Variety» neşiriniň maglumatyna görä, Meta platformany giňeltmek işleriniň çäginde birnäçe möhüm üýtgeşmeleri amala aşyrýar.
Ulanyjylar indi dowamlylygy 90 minuda çenli bolan kese wideolary paýlaşyp bilerler.
«Instagram Live» hyzmaty täzeden janlandyrylyp, tomaşaçylaryň sanyny artdyrmak üçin aýratyn ýerde görkeziler.
Şeýle hem Reels wideolaryna, uzyn wideolara, tematik seriallara we göni ýaýlymlara telewideniýe arkaly tomaşa etmek mümkinçiligi döredildi.
Awtorlar öz sahypalarynda wideolary tematik ýygyndylara we özara baglanyşykly toplumlara birleşdirip bilerler.
Ulanyjylar özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça wideolary gözlemek üçin ýörite tekst meýdançasyndan peýdalanyp bilerler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!