| Ashgabat | 33°C
Tehnologiýalar 14.09.2026, 13:13 4

Indi Windows üçin hem Gemini goşundysy çykdy

Indi Windows üçin hem Gemini goşundysy çykdy

Google kompaniýasy Windows operasion ulgamly kompýuterler üçin Gemini emeli aň kömekçisiniň goşundysyny çykardy. Goşundyny Alt + Space düwmeleri arkaly aktiw penjiräniň üstünden çykarmak bolýar.

Mysal üçin, Gemini resminamadaky faktlary barlamaga ýa-da tanyşdyryş slaýdlary üçin sözbaşylary tapmaga kömek eder, şondan soň ulanyjy derrew öz işine dolanyp biler. Şeýle hem goşundy arkaly Nano Banana modeliniň kömegi bilen prezentasiýalar üçin suratlary, platforma birikdirilen Gemini Omni bilen bolsa wideoşekilleri döretmek bolýar.

Geljekde kompaniýa doly derejeli desktop goşundylaryna mahsus bolan täze funksiýalary goşmagy meýilleşdirýär. Windows üçin Gemini goşundysy Windows 10 we Windows 11 operasion ulgamlary bilen gabat gelýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!