| Ashgabat | 35°C
Medeniýet 17.09.2026, 14:13 5

Günorta Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet güni geçirilýär

Günorta Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet güni geçirilýär

Günorta Koreýanyň Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet güni geçirilýär. Çäre «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Aziýa medeniýetiniň milli merkezinde gurnaldy.

Aýratyn maksatnama türkmen artistleriniň 19 çykyşyny öz içine aldy. Tomaşaçylara milli sazlar, halk aýdymlary, dutar çalmak sungaty we milli tanslar hödürlendi.

Şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýektleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň medeni desgalary we taryhy ýerleri barada ýörite wideotaslamanyň dünýä premýerasy boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!