Ýaponiýada iň kuwwatly Toyota Land Cruiser 300 satuwa çykarylar
Land Cruiser 300 flagman kysymly ulagynyň gibrid görnüşi Ýaponiýanyň bazaryna çykdy we ol ýerde benzinli modifikasiýanyň ornuny doly eýeledi.
Awtoulag giňeldilen enjamlaşdyryş bilen birlikde, Toyota-nyň ýörite dizaýn bölümi Modellista tarapyndan taýýarlanan daşky görnüş toplumyna hem eýe boldy. Täzelenen awtoulaglar ýapon dilerlerine 1-nji oktýabrdan gelip başlar.
Ýapon görnüşiniň dünýä bazaryndaky modelden esasy tapawudy — benzinli Land Cruiser 300-iň ýerli hatardan doly çykarylmagydyr. Gibridiň ýeke-täk alternatiwasy 309 at güýjüne we 700 Nm kuwwata eýe bolan 3,3 litrlik dizel V6 hereketlendirijisidir.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!