Adam bedeni haýsy ýaşlarda has çalt garrap başlaýar?
Adamlar garramagy ýyllaryň geçmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Emma alymlaryň geçiren barlagy bedende käbir üýtgeşmeleriň belli ýaşlarda has çalt bolup bilýändigini görkezdi.
«Stanford» uniwersitetiniň alymlary 25 ýaşdan 75 ýaşa çenli 108 adamyň bedenindäki müňlerçe molekulany birnäçe ýyllap öwrendiler. Alymlar ilkinji uly üýtgeşmeleriň ortaça 44 ýaş töwereginde bolup geçýändigini gördüler. Bu döwürde bedende ýaglaryň çalşygy, ýürek-damar ulgamy, deri hem-de myşsalar bilen baglanyşykly käbir molekulalarda üýtgeşmeler has köp bolupdyr.
Ikinji döwür 60 ýaş töweregi hasaplanýar. Bu döwürde immun ulgamyna, böwreklere, uglewodlaryň çalşygyna, ýürek-damar ulgamyna, deri we myşsalara degişli üýtgeşmeler has köp bolupdyr.
Şeýlelikde, 44 we 60 ýaş töweregi döwürler bedeniň biologiki taýdan has köp üýtgeşmeleri başdan geçirýän döwürleri bolup biler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!