Türkmenistanyň Prezidentine Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentine Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, ylym işgärleri, diplomatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga we dünýä ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge goşýan saldamly goşandyny biragyzdan nygtadylar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!